ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY ÝOKARY WE ÝÖRITE ORTA BILIM MINISTRLIGI BERDAK ADYNDAKY GARAGALPAK DÖWLET UNIWERSITETI GARAGALPAK FILOLOGIÝAСЫ FAKULTETI TÜRKI FILOLOGIÝASY KAFEDRASY DIL BILIMINE GIRIŞ DERSI BOÝUNÇA LEKTOR: Türki filologiýasy kafedrasy asistenti Kerwenov T. Nöküs-2013
MOWZUK: T ürkmen dilinde sözlemler
Meỳilnamasy: 1. Sözlem, sözlem taryxy we sözlemiň görnüşleri barada düşünje. 2. Sözlemleriň aňladýan manylary we sözlemleriň gurluşy boýunça bölünişi. 3.Sözlem agzalary barada.
S A P A G Y Ň M A K S A D Y: Talyplaryň sözlem we onuň görnüşleri barada bilimlerin çuňlaşdyrmak. MUGALLYMYŇ (LEKTORYŇ) W E Z I P E L E R I: 1. Sözlem, sözlem taryxy we sözlemiň görnüşleri barada düşünje bermek 2. Sözlemleriň aňladýan manylary ýa-da aýdylyşy boýança bölünişini görkezmek we sözlemleriň gurluşy boýunça bölünişini düşündirmek 3. Sözlem agzalary barada düşünje bermek G A R A Ş Y L Ýa N N E T I Ž E L E R / TALYP: 1. Sözlem, sözlem taryxy we sözlemiň görnüşleri barada düşünżä eỳe bolmaly. 2. Sözlemleriň aňladýan manylary ýa-da aýdylyşy we sözlemleriň gurluşy boýunça bölünişini bilmeli 3.Sözlem agzalary barada düşünżä eỳe bolmaly
Okatmagyň texnikasy we usullary: Sorag-jogap, «B/B/B» «Akyla hüjüm» - usuly Okatmak işiniň guramaçylyk formasy 1-nji kurs türkmen filolgiýasynyň talyplary bilen işleşmek. Okatmak gurallary Wizual (görünýän) materiallar we watman (tagta, kagyz), marker (ýazuw esbaplary). Okydylýan orny Ýöriteleşen texniki espablary bilen üpjün edilen auditoriýalary
E D E B I Ýa T L A R 1. Bagyew X. Dil bilimine giriş. Aşgabat, Magaryf ý. 2. Azizow O. Tilşunoslikka kiriş. Toşkent, 1995 ý. 3. Zinder L.R. Wwedenie w ýazykoznanie. Moskwa, 1998 g. 4. Golowin B.N. Wwedenie w ýazykoznanie. Moskwa, 1989 g. 5. N.Nartyew, M.Penjiew, A.Myradowlar (Xazirki zaman türkmen dili Sintaksis. Aşgabat, 2001 ý.
«Bilýän, bilesim gelýär, bildim» Tertibi: - talyplara tablitsany işlemek tertibi bilen tanyşdyrylýar; - Bu mowzuk boýunça näme bilýäňiz?, Başga nähili maglumatlara eýe bolmagy isleýärsiňiz? Mazmundaky soraglara jogap berilýär. - Bu esasynda soňky işlere gönükme berilýär. - Tablitsanyň üçünji bölegine öwrenen maglumatlaryňyzy ýazýaňyz. - Birlikde we żüplükde işlenýär Tablitsa B/B/B
BilýänBilesim gelýärBildim 1.Gutaran oý-pikiri aňladýan sözler ýigyndysyna sözlem diýilýär. 2. Sözlemleriň eýesi we habary, aýyklaýjy agzalary baryn bilýän. 3. Ýönekeý we goşma sözlem dip bölünýänin bilýär. 1.Sözlem barda goşumça kesgitlemelerini bilesim gelýär. 2.Sözlemiň başgada many aňladýan görnüşlerini, gurluşyndaky bölünişiklerini bilesim gelýär 3. Umuman sözlem barada doly maglumata eýe bolasym gelýär.
Sözlem Gutaran bir oý-pikiri aňladýan söze ýa belli bir tertipde getirilen sözler ýygyndysyna sözlem diýilýär. (Mekdep gram- matikasy) Grammatika we intonatsiýa taýdan formalaşan sözleriň düzümi ýa-da gutaran pikiri aňladýan eke bir söz, żümle. (Türkmen diliniň sözlügi) Sözlem gepleýşiň belli bir diliň kanunlary boýança grammatik taýdan formalaşdyrylan, pikiriň formalaşdyrylmagynyň we xabar edilmeginiň baş serişdesi bolup durýan birligidir. (uly entsiklopediýa) Birden artyk sözüň grammatika taýdan özara baglanyşyp, gutarnykly into- natsiýada aýdylyp, gutaran oý-pikiri aňlatmagyna sözlem diýilýär. (Türkmen diliniň akademiki grammatikasy)
Bulardan başga-da B.N.Golowin «Wwedenie w ýazykoznanie» dien kitabynda «Sözlem diliň iň kiçi kommunikatiw birligidir» diýip kesgitleme berýär. Käbir sözlemler bir sözden-de bolup bilýär. 1. Dialogda żogaby gysga bermek üçin. -Maşyny garaża saldyňmy? -Xawwa. 2. Garaşylmadyk wakany bir söz bilen aňlatmak üçin. Ýangyn!
Sözlem taryhy Türkmen diliniň sözlem gurluşy uzak asyrlaryň dowamynda birsydyrgyn kämilleşip gelipdir. Ýonekeý sözlemler goşma sözlemlere garanda hem has irki bolup, olaryň ýüze çykyşy we ösüşi diliň döreýşi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Xäzirki zaman türkmen dilinde ulanylýan ýönekeý sözlemleriň esasy görnüşlerine türki dilleriň gadymy ýazuw ýadygärliklerinde hem duş gelinýär. Sözlemleriň gurluşy barada gürrüň edenimizde, ozaly bilen habarly gatnaşygynyň üstünde durup geçmek gerek, çünki ol her bir sözlemiň merkezini emele getirýär. Xabarly gatnaşygy baş agzalar – eýe bilen habar düzýär. Şol ikisi sözlemiň esasy sütünleridir. Olar sözlemiň esasy alamatlary bolup, onuň sözlem görnüşinde ýüze çykmagyny kepillendirýär.
1.Mekdep gramatikasynda: Sözlemleriň aňladýan manylary we aýdylyşy (intonatsiýasy) boýunça görnüşleri Sözlem Xabar sözlemi Sorag sözlemi Ýüzlenme sözlemi Sorag- ýüzlenme sözlemi
2. Akademik kitaplarda: Sözlemiň görnüşlerini dört topara bölýärler. Olar aşakdakylar: Nurýagdy Nartyew, Myrat Atamuhammet Penjiew, Atamuhammet Myradowlar (Xazirki zaman türkmen dili Sintaksis. Aşgabat, 2001, 44 -sah.) Sözlem Xabar sözlemi Buýruk sözlemi Sorag sözlemi Ýüzlenme sözlemi
WENNA DIAGRAMMASI 1.Mekdep gramatikasynda: 1.XABAR SÖZLEMI. 2. SORAG SÖZLEMI. 3.ÝÜZLENME SÖZLEMI. 4.SORAG-ÝÜZLENME SÖZLEMI. 2. Buýruk sözlem. 4. SORAG- ÝÜZLEN ME SÖZLEMI. 2. Akademik kitaplarda: 1. Xabar sözlem. 2. Buýruk sözlem. 3. Sorag sözlem. 4. Ýüzlenme sözlem. 1.Mekdep gramatikasynda: 1.XABAR SÖZLEMI. 2. SORAG SÖZLEMI. 3.ÝÜZLENME SÖZLEMI. 4.SORAG-ÝÜZLENME SÖZLEMI. 2. Buýruk sözlem. 4. SORAG- ÝÜZLEN ME SÖZLEMI. 2. Akademik kitaplarda: 1. Xabar sözlem. 2. Buýruk sözlem. 3. Sorag sözlem. 4. Ýüzlenme sözlem. 1.Mekdep gramatikasynda: 1.XABAR SÖZLEMI. 2. SORAG SÖZLEMI. 3.ÝÜZLENME SÖZLEMI. 4.SORAG-ÝÜZLENME SÖZLEMI. 2. Buýruk sözlem. 4. SORAG- ÝÜZLEN ME SÖZLEMI. 2. Akademik kitaplarda: 1. Xabar sözlem. 2. Buýruk sözlem. 3. Sorag sözlem. 4. Ýüzlenme sözlem.
1. XABAR SÖZLEMI. Sözleýżiniň xaýsy xem bolsa bir xadysanyň, wakanyň esasynda xabar bermegini, tassyklamagyny, çak etmegini, isleg-arzuwyny we ş.m. aňladyp, xabar intonatsiýasy bilen aýdylan sözlemlere xabar sözlemi diýilýär. Meselem: Ol düýn şäxerden geldi. Sözlemiň belli bir agzasynda intonatsiýa beýgelip, sözlemiň soňynda köplenç peselýär. Bu sözlemiň soňuna nokat belgisi goýalýar. 2. SORAG SÖZLEMI. Sorag aňladýan sözleriň, ownuk bölekleriň, intonatsiýanyň üsti bilen sözleýżiniň bilmek isleýän zady soralýan ýa-da umuman sorag aňlanylýan sözlemlere sorag sözlemi diýilýär. -Berdi aga, xabarly geldiňizmi? Sorag aňladýan ownuk bölegiň kömegi bilen -Xaçan geldiň? Sorag çalyşmasynyň kömegi bilen -Şäxere gitdimi? Intonatsiýanyň kömegi bilen 3. ÝÜZLENME SÖZLEMI. Xaýsy xem bolsa, içki taýdan bolan emotsiýany, ýagny żoşguny, gynanży, begenżi, isleg-arzuwy, xaýran galmagy aňladyp ýüzlenme intonatsiýasy bilen aýdylýan sözlemlere ýüzlenme sözlemi diýilýär. Tiziräk öe bar, kakaň geldi! Iň ýaman günümiz şunuň ýaly bolsun! Seniň kakaň öýde. Seniň kakaň öýde? Seniň kakaň öýde! 4. BUÝRUK SÖZLEM. bir işi buýurmagy, haýyş etmegi, tabşyrmagy, maslahat bermegi waş.m. aňladýar. Görnüşi ýaly, buýruk sözlemiň manysy örän giň bolup, buýrmakdan başlap, tä ýalbarmaga çenli baryp etýär. 5. SORAG-ÝÜZLENME SÖZLEMI. Türkmen dilinde sorag-ýüzlenme sözlemi çeper eserlerde duş gelýär. Ýöne beýle sözlemler sözlemleriň beýleki tiplerine (xabar, sorag, ýüzlenme) garanda az ulanylýar. Olary gepleşik gidip durka ýagny żanla gepleşikde sorag sözlemdigini ýa-da sorag-ýüzlenme sözlemdigini tapawutlandyrmak mümkin. Olary ýazuwda tapawutlandyrmak kyn düşýär. Emma şoňa garamazdan «Sorag intonatsiýasyna görä güýçlüräk aýdylyp, emotsional oý-pikiri aňladýan sözlemlere sorag-ýüzlenme sözlemi diýilýär». Sorag-ýüzlenme sözlemlerinde soran bilen birlikde emotsional duýgular xem bildirilýär. Olar: 1. Sorag goşulmalary –my, -mi arkaly 2. Adamyň içki duýgusyny bildirýän sözler arkaly 3. Sorag-ýüzlenme manyny öz içine alýan intonatsiýa üsti bilen ýasalýar. -Diýmek, bu zatlar seniň işiň-dä?! -Xany, özüň ýaly akylly ýigit?!
Sözlem Ýönekeý sözlemler Ýygnak ýönekeý sözlem Ýaýraň ýönekeý sözlem Goşma sözlemler Düzmeli goşma sözlemler Eỳerżeňli goşma sözlemler Sözlemlerin gurluşy boýunça bölünişi.
Bir sada sözlemden emele gelip, ýönekeý pikiri aňlatmakda ulanylýan sözleme ýönekeý sözlem diýilýär. Meselem: Aşyr okaýar.Eziz gowy ýazýar. Iki we ondan köp ýönekeý sözlemlerden emele gelip, tutuşlygyna bir çylşyrymly pikiri aňladýan sözlemlere goşma sözlem diýilýär. Meselem: Men düýn size bardym, emma sen öýüňizde ýok ekeniň. Gün çyksa, xowa maýyl bolýar.
Ýönekeý sözlem Ýygnak ýönekeý sözlem Ýaýraň ýönekeý sözlem Diňe baş agzalardan (eýe bilen habardan) düzülen sözlemlere ýygnak ýönekeý sözlem diýilýär. M/s. Meret otyr. Oraz gitdi. Baş we aýyklaýjy agzalary bolan sözlemlere ýaýraň ýönekeý sözlem diýilýär. M/s. Meret gazet okap otyr. Oraz mekdebe gitdi.
Goşma sözlemler Düzmeli goşma sözlemler Eỳerżeňli goşma sözlemler Bir näçe eýerjeňli sözlemleri bolan eýerjeňli goşma sözlemler I. Biri – birine garaşly bolmadyk we her biri özbaşdak ulanmagy mümkin bolan ýönekeý sözlemlerden emele gelen goşma sözleme düzmeli goşma sözlem diýilýär. M/s. 1. Men oýümize barýardym weli, seni gördümde duruberdim. (Bu deňdeş habarly ýönekeý sözlemiň özbaşdak eýemi we habary bar). 2. Men öýümize barýardym weli, Aman menisaklady. (Bu düzmeli goşma sözlem, her bir sözlemiň özbaşdak eýesi we habary bar). 3. Agşamky ýygnaga okuwçylar, mugallymlar we gullukçylar gatnaşdylar. (Bu deňdeş eýeli ýönekeý sözlem. Ýygnaga kimler gatnaşandyklaryny görkezýär. Deňdeş agzalar: okuwçylar, mugallymlar, gullukçylar). II. Ýönekeý sözlemleriň biri baş pikiri aňladyp, beýlekisi baş pikiri aňladýan sözlemiň belli bir agzasyny aýyklap gelýän goşma sözleme eýerjeňli goşma sözlem diýilýär. Eýerjeňli goşma sözlemde baş pikir aňladýan sözleme baş sözlem diýilýär. Baş sözlemiň habaryny ýa işlikden bolan başga bir agzasyny aýyklap gelýän sözleme eýerjeň sözlem diýilýär. M/s. Okuw gutaoandan soň, biz oýümize gitdik. (Bu erde baş sözlem – biz oýümize gitdik. Onuň öň ýanyndaky sözlem baş sözlemiň habarynyna degişli haçan?, näwagt? dien soraglara żogap bolýar. Xaçan gitdiňiz? – Okuw gutaransoň). Giýje ýagyş ýagany sebapli ýol batga bolupdyr. (Eýerjeň sözlem ýolyň batga bolandygynyň sebabini görkezýär. Näme üçin, näme sebäpli batga bolupdyr? – Giýje ýagyş ýagany sebäpli). Ýokardaky mysallarda alynan baş sözlemiň (Biz oýümize gitdik. Ýol batga bolupdyr). Xer biriniň eýesi we habary bar. Olaryň her biri şol duruşlaryna hem gutaran pikiri aňladýar. III. Eýerjeňli goşma sözlemleriň sostawynda diňe bir sany eýerjeňli goşma sözlem bolman, käbir ýagdaýda birnäçe eýerjeň sözlem-de bolup bilýär. Bu hili eýerjeňli goşma sözlemleriň sostawyna bir wagtyň özünde wagt eýerjeň sözlemide, şert eýerjeň sözlemi-de, hal eýerjeň sözlemi-de, eýerjeň sözlemleriň beýleki görnüşleri-de gatnaşyp biler. Muňa birnäçe eýerjeňli sözlemleri bolan eýerjeňli goşma sözlemler diýilýär. Bir näçe eýerjeň sözlemleri bolan goşma sözlemlerde eýerjeň sözlemleriň birnäçesi öz biri-birini aýyklasa, başga biri ýa-da bir näçe baş sözleme baglanýarlar hem-de ony aýyklaýarlar.
Eýerjeňli goşma sözlemleriň XILLERI Wagt eýerjeň sözlem Sebap eýerjeň sözlem Şert eýerjeň sözlem Garaşykly eýerjeň sözlem Meňzetme eýerjeň sözlem Xal eýerjeň sözlem
Sözlem agzalary Sözlemiň baş agzalary EỳeEỳeHabar Sözlemiň aýyklaýży agzalary aýyrgyçdoldurgyç
Sözlemiň baş agzalary eýe we xabardan durýar. I. Eýe - baş agzalaryň bir görnüşi bolup, habar berilýän zadyň kimdigini, nämedigini, niredigini we näçedigini bildirýär. Ol garaşly bolmadyk agzadyr. Eýe sözlemde diňe baş düşümde gelýär we habar tarapyndan aňlanylýar. Ol kim?, näme?, nire?, näçe? dien soraglara żogap bolýar. Sözlemiň eýesi atlardan, çalyşmalardan we atlaşan beýleki söz toparlarynda bolup bilýär. M\s. I.Atlardan : Gülsenem daýzanyň mylaýym sesi, hamraklygy Röwşene ejesini ýatlatdy. (Garagum №1). II. Çalyşmalardan: (At (Men size şu ugurdan başga bir gürrüň bereýin. (N.Saryhanow, saýlanan eserler)), sorag (Size kim gerek? (G.Kulyýew «Ýowuz günler»), görkezme (Bu żuda uly ynam, ýokary baha. (Diýar,202. №6)), özlük (Olaryň şertine görä, Amerikada türkmen dilinden sapak berjek mugallymyň özi ingilis dilini gowy bilmeli. (Diýar. 2002, №6) we ş.m. III.Atlaşan beýleki söz toparlarynda: Atlaşan ortak işliklerden (Giden getirer, oturan nyrk sorar (Nakyllar)); Atlaşan geljek zaman işliklerden (Geljek bolsa türkmene ýagty şuglasyn saçýar (Türkmenistan )); Atlaşan öten zaman işliklerden; Atlaşan işligiň şert şekilinden; Atlaşan sypatlardan (Işsiz gelip, işliniň işini galdyrar (Nakyl)) we ş.m. II. Xabar – eýe dogrusynda bir zady habar berýär. Ol eýaniň edýän işini, gylyk-häsietini, kesip kärini, gelip çykyşyny we ş.m. bildirýär.Gramatiki taýdan habar eýa bagly bolýar. Ol eýe bilen şahsda, sanda, ylalaşýar. Xabar haýsy söz toparynda emele gelýändigine garap birnäçe toparlara bölünýär. 1.Işlik habary; 2. Isim habary; 3. Sada habar; 4. Goşma habar; 4. Düzmeli habar.
Sözlemiň aýyklaýjy agzalary aýyrgyç we doldurgyçdyr: I.Aýyrgyçlar - sözlemiň aýyklaýjy agzalarynyň bir görnüşi bolup atlara we atlaşyp gelen beýleki söz toparlaryna baglanýar. Ol bir zadyň hilini, häsietini, mukdaryny we ş.m. bildirýär. Aýyrgyç haýsy söz toparyndan emele gelýändigine garap aşakdaky ýaly toparlara bölünýär: 1. Sypat aýyrgyjy; 2. Çalyşma aýyrgyjy; 3. San aýyrgyjy; 4. Işlik aýyrgyjy; 5. At aýyrgyjy; 6. Eýelik aýyrgyjy; 7.Meňzetme aýyrgyjy; we ş.m. II.Doldurgyç - aýyklaýjy agzalaryň bir görnüşi bolup işliklere, hal- ýagdaý bildirýän sözlere we sypatlara baglanyp gelýär.Ol hereketiň täsir edýän zadyny gokezmek üçin hyzmat edýär. Ol göni hem gyýtak görnüşde bolup geller. Şu tarapdan olar iki topara ýagny 1. Göni doldurgyç; Bu hereket gönükdürlen zadyna gönüden-göni täsir Edip. Göni doldurgyç ýeňiş düşümiň goşulmaly we goşulmasyz şekillerinde ulanýar. Şonuň üçin oňa ýeňiş doldurgyjyda diýilýär. M/s. Güne ýanan gury ota agzyny urdy,ony güdürdedip iýmäge durdy (G.Kulyýew «Ýowuz günler»). 2. Gyýtak doldurgyç. Bu hereketiň doly täsirine düşmeýär. Gyýtak doldurgyç ýöneliş, wagt-orun we çykyş düşümlerden gelen sözlerden bolýar. Olar: 1. Ýöneliş doldurgyç; 2. Orun doldurgyç; 3. Çykyş doldurgyç; 4. Bilelik doldurgyjy; 5. Xakyndalyk doldurgyç; 6. Esaslaýjy doldurgyç; 7. Sebäp doldurgyç; 8. Maksat doldurgyç; 9. Meňzetme doldurgyjy;
№1-goşumça «B/B/B» - usuly esasynda soraglar 1-nji topara 1. Sözlem diýip nämä aýdylýar? 2. Sözlem agzalary hyzmatyna görä näçe topara bölünýär? 3. Eýerjeňli goşma sözlemleriň XIL taýdan näçe topara bölünýär? 2-nji topara 1. Sözlemleriň aňladýan manysy we aýdylyşlary boýunça nähili görnüşleri bar? 2. Sözlemleriň gurluşy boýança nähili görnüşleri bar? 2. Ýygnak ýönekeý sözlem bilen ýaýraň ýönekeý sözlemiň nähili aýratynlygy bar?
№2-goşumça WENNA DIAGRAMMASI 1.Mekdep gramatikasynda: 1.XABAR SÖZLEMI. 2. SORAG SÖZLEMI. 3.ÝÜZLENME SÖZLEMI. 4.SORAG-ÝÜZLENME SÖZLEMI. 2. Buýruk sözlem. 4. SORAG- ÝÜZLEN ME SÖZLEMI. 2. Akademik kitaplarda: 1. Xabar sözlem. 2. Buýruk sözlem. 3. Sorag sözlem. 4. Ýüzlenme sözlem.
№3-goşumça ASSESMENT Sorag: 1. Sözlem diýip nämä aýdylýar? 2. Sözlem agzalary hyzmatyna görä näçe topara bölünýär? 3. Eýerjeňli goşma sözlemleriň XIL taýdan näçe topara bölünýär Җogap: 1. Sözlem barada dört çeşmede kesgitleme berilýär. Birden artyk sözüň grammatika taýdan öz-ara baglanyşyp, gutarnykly intonatsiýada aýdylyp, gutaran oý-pikiri aňlatmagyna sözlem diýilýär. 2. Sözlem agzalary görä iki topara bölünýärler. Baş we aýyklaýjy agzalary diýip. 3. Eýerjeňli goşma sözlemleriň XIL taýdan alty topara bölünýär. 1. Wagt eýerjeň sözlem 2. Sebap eýerjeň sözlem 3. Şert eýerjeň sözlem 4. Garaşykly eýerjeň sözlem 5. Meňzetme eýerjeň sözlem 6. Xal eýerjeň sözlem MAŞGALALY ÝaGDAÝ: Maşgala türi: Sözlem barada dört çeşmede kesgitleme berilýär. 1.Mekdep gramatikasynda, 2.Türkmen diliniň sözlüginde, 3.Uly ensiklopediýalarda, 4.Türkmen dili akedimik edebiýatlarda. Maşgala çözgüdi: Dört çeşmede-de kesgitleme berilsede xemmesi bir pikire syrygýanyndadyr. SIMPTOM Maşgala nämede görünýär (belgisi) Amaly gönükme Olaryň öz-ara aýratynlygy
№ 4 - goşumça Sözlemleri iki topara bölýäris. (Ýönekeý we goşma sözlemler).Olar da öz gezeginde xer biri iki topara bölünýär. 1-topar. Ýönekeý sözlem. bir sada sözlemden emele gelip, ýönekeý pikiri aňlatmakda ulanylýan sözleme ýönekeý sözlem diýilýär. Meselem: Aşyr okaýar.Eziz gowy ýazýar. Ýygnak ýönekeý sözlem,, Ýaýraň ýönekeý. 2-topar. Goşma sözlem. Olaram öz gezeginde üç topara bölünýär.Düzmeli goşma sözlem, eerjeňli goşma sözlem we bir näçe eýerjeňli goşma sözlemlerden ybarat eýerjeňli goşma sözlem.
Sözlemleriň öz-ara içki toparlara bölünip қamilleşmegi Xronologiýa Basgyç mazmuny Netije Ýönekeý sözlem. Ýygnak ýönekeý Ýaýraň ýönekeý. Ýönekeý sözlem. bir sada sözlemden emele gelip, ýönekeý pikiri aňlatmakda ulanylýan sözleme ýönekeý sözlem diýilýär. Meselem: Aşyr okaýar.Eziz gowy ýazýar. Ýygnak ýönekeý sözlem,, Ýaýraň ýönekeý. Öz-ara içki toparlara bölüp öwrenilip, studentleriň kabul edijiligini güýçlendirmek Goşma sözlem. 1.Düzmeli goşma sözlem 2.Eýerjeňli goşma sözlem 3.Bir näçe eýerjeňli goşma sözlemlerden ybarat eýerjeňli goşma sözlem. Iki we ondan köp ýönekeý sözlemlerden emele gelip, tutuşlygyna bir çylşyrymly pikiri aňladýan sözlemlere goşma sözlem diýilýär. Goşma sözlemleriň toparlar bölünişini birim birim görkezmekden ybarat bolyp studenlere täze xabar maglumat bermek. Sözlem agzalary: 1. Sözlemiň baş agzalary 2. Sözlemiň aýyklaýjy agzalary Sözlem baş agzalary Eýe bilen xabardan ybarat. Sözlem aýyklaýjy agzalary bolsa aýyrgyçdyn we doldurgyçdan ybaratdy. Sözlem agzalarynyň toparlara bolünişigini studenlere görkezmek, olary düşündirmek
Barlamak üçin soraglar 1-nji topara 1. Men oýümize barýardym weli, seni gördümde duruberdim. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem? 2. Ol düýn şäherden geld…. Bu aňladýan manysy boýunça nähili sözlem we soňuna nähili belgi goýulýar? 3. Meret otyr. Oraz gitdi. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem? 4. Agşamky ýygnaga okuwçylar, mugallymlar we gullukçylar gatnaşdylar. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem? 5. Okuw gutarandan soň, biz oýümize gitdik, giýje ýagyş ýagany sebapli ýol batga bolupdyr. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem? 2-nji topara 1. Men öýümize barýardym weli, Aman meni saklady. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem? 2. Begli şäherden haçan gelýär… Bu aňladýan manysy boýunça nähili sözlem we soňuna nähili belgi goýulýar? 3. Meret gazet okap otyr. Oraz mekdebe gitdi. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem? 4. Ýaşasyn meniň eziz halkym… Bu aňladýan manysy boýunça nähili sözlem we soňuna nähili belgi goýulýar? 5..Men düýn size bardym, emma sen öýüňizde ýok ekeniň. Bu gurluşy boýunça nähili sözlem?
Dykgatlaryňyz üçin sag boluň!